Röwşen geljegimiziň kepili

18 Dekabr 2024
92

Täze taryhy eýýamda giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaş nesliň  kemala gelýändigi buýsandyryjydyr. Munuň özi «Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oýlanyşykly bilim syýasatynyň, ulgamda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesidir.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri nesilleriniň ylym-bilimli, terbiýeli bolmagyna aýratyn üns berip gelipdir. Bu kämil ýörelgeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi we döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Gülälek ANNAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.