Diller ― dostluk köprüsi

18 Dekabr 2024
105

Şeýle at bilen biziň çagalar bakja-bagymyzda bäsleşik geçirildi. Etrap bilim bölüminiň guramagyndaky bu bäsleşige etrabymyzdaky çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleri gatnaşdylar.

Çagalarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwes döretmek, olaryň sözleýiş dilini ösdürmek hem-de ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler daşary ýurt dillerinde özlerini tanyşdyrmak, labyzly goşgy okamak bilen birlikde aýdymlary we sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler.

Gözel SALIMOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 24-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.