Bilim işgärlerimiz ― döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri

18 Dekabr 2024
104

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ministrligiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýeňijileriň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar.

Has takygy, bäsleşik Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwalynyň çäklerinde jemlenildi. Onda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow ýeňijileriň hataryndan orun almagy başardy.

Babajan HALMYRADOW,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy.