Arkadag şäheri Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Abraýly halkara baýrak golaýda Wenada Arkadag şäheriniň wekiliýetine halkara işewür jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habaryň üstüniň ýetirilmegi, ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we diplomlara mynasyp bolmagy ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Arkadag şäheriniň ulanmaga berlen ilkinji gününde halkara sylaglaryň 21-sine, şeýle hem şu ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp bolandygyny ýatlamagyň özi kalbyňy ýakymly duýgulardan doldurýar. Bu baýraklar, ilkinji nobatda, «ýaşyl» ösüş strategiýasyna laýyk gelýän sazlaşykly elektron şäher düzümi üçin berildi. Arkadag şäheri «smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasynyň ýokary talaplary esasynda bina edilýär. Şonuň üçin bu ýerde elektromobilleriň, elektrobuslaryň we elektrotaksileriň hereket etmegi ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň tejribesiniň köp ýurtlar, esasan-da, senagat taýdan ösen döwletler üçin nusga bolup durýandygyny görkezýär.