Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Garrykäriz obasynda ýaşaýan Garajaýewleriň zähmetsöýer maşgalasy diňe bir obada däl, eýsem, Gökdepe etrabynda hem limonçylar maşgalasy hökmünde tanalýar. Maşgalada limonariýa ýyladyşhanasynyň 3-si bar. Olaryň her birinde limon agajynyň 40 düýbi ýetişýär. Bu melhemlik ösümligi ýetişdirmekde häzir dynç alyşda ýören Perzaly aganyň özi ogullary Baba, Mergene halypalyk maslahatlaryny berip, görelde bolup gelýär.
— Maşgala ýyladyşhanamyzda ýetişdirýän limonlarymyza ak bazarlarymyzda isleg hemişe uly. Ynsan saglygy üçin tenekar bolan limon önümlerimizi ilatymyzyň baýramçylyk saçagynda görmek uly bagt. Bu azyk bolçulygyna-da goşant. Limon hasyly şu ýyl hem bereketli boldy. Boýuna, ýaşyna görä, limon agajy her düýpden 200-den 300-e çenli, uşak görnüşi 500-e çenli hasyl berýär — diýip, bu iş bilen ýigrimi ýyl bäri meşgullanyp gelýän zähmetsöýer ýigit Mergen Garajaýew gürrüň berdi.