Çyn güle solma ýok zemin ýüzünde

17 Dekabr 2024
116

Geçen asyryň ikinji ýarymynda çeper döredijiligi bilen öňe çykan şahyrlaryň biri Ilmyrat Pudakowdyr. Ol öz döwründe ajaýyp goşgulary bilen gazet-žurnal sahypalarynda yzygiderli çykyş edýär. Ilmyrat 1924-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Nowata obasynda dogulýar. 1956-njy ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Ilki Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebinde mugallym, soňra tä hormatly dynç alşa çykýança (1986 ý.) şol wagtky Gökdepe etrap we etrabara gazetlerde dürli wezipelerde zähmet çekmek bilen, ol halypalardan öwrenenini ýaşlara öwretmek biln meşgullanýar.

Ilmyrat Pudakow şahyr Kerim Gurbannepesow bilen dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Ol metbugat söhbetdeşlikleriniň birinde ýurdumyzda belli ýazyjy-şahyrlaryň birnäçesi bilen ýakyndan tanyş bolmagyna hem hut Kerim şahyryň sebäp bolandygyny aýratyn belläpdir. Goşgularynyň ençemesi aýdyma öwrülip, häzirki döwürde-de diňleýjilere ýetirilip durulýar. Häzirki bagtyýar zamanamyzda şeýle halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäher Medeniýet öýünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli edebi, aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Oňa şahyry ýakyndan tanaýan edebiýat we sungat işgärleri, obadaşlary, dogan-garyndaşlary, köp sanly okyjylar gatnaşdylar.

Gülnabat AHMEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň müdiri. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.