Bilim — üstünligiň binýady

17 Dekabr 2024
231

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilýär. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň ýokary derejä eýedigini aýdyň beýan edýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň hatarynda ýaş nesilleriň terbiýesi, bilimi hakynda hem bellemek gerek. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Bilimli, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň mukaddes borjudyr.

Ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň, bir tarapdan, häzirki döwürde adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan netijelerini özleşdirmegi, ikinji tarapdan, Watanymyzyň geljegine bolan beýik ynama eýe bolmagy zerurdyr.

Merdan ORAZMEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.