Dünýä dursun Parahat!

6 Ýanwar 2021
9163

Ykbaly göterilen halkymyza Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik sepgide, ösüşe, rowaçlyga we halkara derejesindäki mynasyp mertebä eýe bolmak bagty miýesser etdi. Gojaman taryh üçin örän gysga döwürde döwletimiz durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüşiň täze belentliklerine tarap iňňän okgunly we netijeli ýoly geçmegi, halkara bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde öz mynasyp ornuny eýelemegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesine esaslanýan parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuşa ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, abraý-mertebesi has-da beýgeldi. Türkmenistanyň halkara guramalarynyň derejesinde yzygiderli gazanýan oňyn netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň halkara syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapmagy dünýä döwletleriniň biziň ýurdumyz bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleginiň has-da artmagyna getirdi. Häzirki wagtda ata Watanymyz bilen diplomatik hem-de hyzmatdaşlygyň giň we köptaraply ugurlary boýunça gatnaşyklary ýola goýýan döwletleriň sany yzygiderli artýar. Eziz Watanymyzyň bu günki ýeten belent sepgitlerine buýsanjyň püre-pürlenip, Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpaň barha joşýar.

Bagtyýar NURMAMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy.