“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

17 Dekabr 2024
161

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň çäginde ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegi babatda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilip, Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary gurulýar. Şolarda aýdym-saz gözden geçirilişlerine gatnaşyjylaryň çykyşlary yzygiderli guralýar. Her ýylda geçirilýän bäsleşikler ýaş zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär.

Surata düşüren Maksat GYLYJOW