Bol hasyly bilen tanalan gadymy toprak

16 Dekabr 2024
113

Tamamlanyp barýan ýyl biziň bilime teşne, giň gözýetimli, şöhratly geçmişimize we taryhymyza uly sarpa goýýan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. TÜRKSOÝ-yň çözgüdi esasynda şu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar astynda geçmegi bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýän baý many-mazmunly joşgunly işleriň sakasyny açyp goýberdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa türkmen halkyna örän ajaýyp sowgat bolup, gadymy topragymyzyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygyna bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy. Men taryh mugallymy bolandygym üçin bu kitaba yzygiderli ýüzlenýärin. Mukaddes toprakda Änewiň ak bugdaýyň gadymy Watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly açyş tutuş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji sebitleriň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Biziň ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri hökmünde taryhda ykrar edildi. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitap bu taryhy bilimleri ýene-de baýlaşdyrdy. Kitap gadymy Ahal topragynyň köpasyrlyk taryhy barada şu wagta çenli alnyp barlan arheologik barlaglaryň netijesinde öňe sürlen ylmy garaýyşlary täze maglumatlar arkaly has hem baýlaşdyrýan gymmatly gollanma öwrüldi. Ol ösüp gelýän ýaş nesli ýurdumyzyň baý geçmişi, adamzat taryhynda eýelän wajyp geografik orny, dünýä siwilizasiýasynyň gülläp ösmegine goşant goşan gadymy Änew medeniýeti babatda häzire çenli mälim bolmadyk täsin maglumatlar bilen tanyşdyrmakda, ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmä öwrüldi.

Madina AWLIAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.