Görk — agyzdan

6 Ýanwar 2021
1664

Ata-babalarymyzdan miras galan nakyllary okanyňda, olaryň örän synçy bolandyklaryna, durmuş wakalaryny akyl eleginden geçirip, olary çuň manyly gysga setirlerde nesillere miras galdyrandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, «Görk — agyzdan» diýen pähimde iýmitlenmegiň kadalaryny berjaý etmegiň ynsan üçin örän peýdalydygy nygtalýar. Bu ýerde gürrüň diňe bir görk barada däl. Olar çakdanaşa köp iýmezligi ündemek bilen, düzüminde dürli ýokumlary, minerallary we mikroelementleri saklaýan iýmitleriň ynsanyň daşky keşbi üçin hem, saglygy üçin hem peýdalydygyny düşündiripdirler.

Bu aýdylanlaryň rastdygyny häzirkizaman ylmynyň hem tassyklaýandygyny göz öňünde tutsak, eždatlarymyzyň iýmit meselesine nä derejede oýlanyşykly çemeleşendikleriniň şaýatlary bolarys. Şonuň üçin hem biz kadaly iýmitiň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny wagyz edip, halk köpçüliginiň arasynda söhbetdeşlikleri yzygiderli guraýarys. Şonda olaryň ünsüni ýurdumyzda ynsan saglygy üçin zerur bolan dürli ýokumlara we mikroelementlere baý bolan ösümlikleriň kändigine çekýäris. Daýhanlaryň ýetişdirýän miwe, gök we bakja önümlerinden başga-da tebigy şertlerde ösýän dermanlyk ösümliklerden hem giňden peýdalanmagy maslahat berýäris. Olaryň bejerijilik häsiýetleriniň, melhemleri taýýarlamagyň we ulanmagyň usullarynyň hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda giňden açylyp görkezilýändigini aýdýarys. Şu melhemlerden ýerlikli peýdalanmagyň dürli, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almakdaky ähmiýetiniň uludygyny düşündirýäris.

Gülşat KAZAKOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.