«Iki şaýy» — halypa ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiň metbugatda çap edilen ilkinji hekaýasy. Bu hekaýany 1980-nji ýylda «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyna alyp gelşi, onuň gazet sahypasynda ýerleşdirilişi bilen baglanyşykly ýazyjynyň öz ýatlamasyny mundan sanlyja ýyl öň okyjylara ýetiripdik.
Meretgeldi elmydama çagalaryna köçeden tapan zatlaryny öýe getirmezligi tabşyrardy. Ine, ol häzirem ýedi ýaşly uluja ogly Sähedi çat maňlaýynda oturdyp, gök çaýyň bady bilen hemişekije öwüdini berip otyr: