«Hakyda göwheri»: taryhyň geljege ýaňy

12 Dekabr 2024
160

«Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama-da mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde belläp geçýär. Elbetde, kitap okamak, ylym öwrenmek türkmeniň aslynda bar diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Esasan hem halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän geçmişini, türkmenleriň taryhy döwürlerde görkezen mertliklerini, gahrymançylyklaryny, gadymy arhitektura ýadygärliklerini, medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän kitaplaryň gymmaty has-da uly bolýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda bu kitabyny sowgat bermegi halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy, joşgunyny ganatlandyrdy. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Bu gymmatly eser bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüler hem-de baý many-mazmuny bilen dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döreder.

Sähra BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.