Içerki önümiň ösüşi ýokarlandy

8 Dekabr 2024
87

Bu ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, üçünji çärýekde Koreýa Respublikasynda jemi içerki önüm 0,1 göterim artdy diýip, Koreýa Banky habar berýär. Ýylyň jemi boýunça bolsa bu görkeziji 1,5 göterim ýokarlandy.

Görkezilen wagtyň dowamynda ýurduň eksporty 0,2 göterim pese düşdi, döwletiň importy bolsa, tersine, 1,6 göterim ýokary galdy. Önümçilige goýberilýän maýanyň mukdary 6,5 göterim, gurluşyk senagatyna goýberilýän maýanyň mukdary bolsa 3,6 göterim ösdi.

Taýýarlan: Parahat BATYROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Biznes reklama».