Buýsanjymyz çäksizdir

6 Ýanwar 2021
1936

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar. Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany ýylynda hem ähli ulgamlarda belent sepgitlere eýe bolduk. Täze ýylymyzyň “Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi bolsa türkmen halkyny diýseň begendirdi. Munuň özi ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň höküm sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Diýarymyz beýleki döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary öňe sürýär.

Uly ynam bilen gadam basan bu ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän beýik başlangyçlary bilen ähli ulgamlarda gowy ösüşler gazanylar. Abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, alkyşymyz çäksizdir. Goý, milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!