Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy hem-de ýakyn ýardamy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda: «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym — yhlas» diýen ýaly çuň manyly jümleler getirilýär. Bu paýhasly sözler ylmyň jemgyýetdäki möhüm ornundan habar berýär.
Durmuşyň ykbal kesgitleýji, aýgytlaýjy meselelerini üstünlikli çözmegiň ýeke-täk ýoly ylymdyr. Şol sebäpli ylym döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Alymlaryň ylmy-barlaglary alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügini belleýär.