Aýdymym sen, Aşgabat! (Oýlanma)

9 Dekabr 2024
166

Seni ýene şu gün görýän ýaly synladym. Köçeleriňe dabany degen her adam dünýäniň iň bagtly ynsany bolup göründi gözüme. Goýnuňa her gün şol bagtly ynsanlaryň biri bolasy gelip gelýänleriň sany näçekä? Seni her gün görmegiň şatlygy haýsy ölçeg bilen ölçenýärkä?

Mundan birnäçe ýyl ozal diňe gezmäge gelip bolýan ýerdiň meniň üçin. Mekdepde synpdaşlarym maşgalalary bilen ýörite Garaşsyzlyk, Bitaraplyk binasyna gezmäge gidendiklerini süýjüdip-süýjüdip gürrüň bererdiler. Düşen suratlaryny görkezerdiler. Şonda olary edil erteki diňleýän ýaly diňlärdim. Hut öz gözüm bilen göresim gelerdi bu ýerleri. Bir günem: «Asma ýol» açylypdyr» diýdiler. Ýene şähere githä-gitlik başlanypdy. Suratlar, gürrüňler... gelipdi yzly-yzyna. Haýran galmalam, kakama: «Bizem gidäýeli!» diýip ýalbarmalam köpelipdi. Gözümi dört edip garaşypdym işden sypynaryna. Telewizorda her görenimde: «Hanha, asma ýol-da şol!» diýibem tizräk äkitmegi üçin janygypdym...

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
«Nesil».