Türkmenistan — BMG: strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

9 Dekabr 2024
125

6-njyy dekabrda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we degişli resminamalaryň taslamalary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly BMG-niň agentlikleriniň bilelikdäki maksatnamasy; bilim, saglygy goraýyş, «ýaşyl» energetika we sanlylaşdyrma ugurlary boýunça BMG-niň Türkmenistandaky düzüm birlikleriniň bilelikdäki maksatnamalary bar. Şeýle hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede durmuşa geçirmekde ulgamlaýyn çemeleşmeleri we oňyn tejribeleri ornaşdyrmak maksady bilen, bu guramanyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan «2025 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

«Watan».