«Berzeňňi» şypahanasynyň tebigy melhemleri

7 Dekabr 2024
122

Üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şypahana - dynç alyş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde paýtagtymyzyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Berzeňňi» şypahanasy hem düýpli özgerdildi.

«Berzeňňi» şypahanasy irki wagtlardan bäri mälim bolan mineral suwly çeşmäniň ýanynda ýerleşýär. Şypahananyň täze binasy 2012-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Bu ýerdäki guýudan her sekuntda 7 litr suw çykýar. «Berzeňňi» tebigy mineral suwunyň düzüminde 24 sany element bar. Bu suw sulfat-magniý, kaliý mineral suwlarynyň hataryna girýär. Onuň üýtgewsiz gyzgynlygy 37 gradusdyr. Mineral suwlaryň täsiri, ondaky himiki elementleriň we birleşmeleriň (duzlaryň we ionlaryň) düzümi bilen kesgitlenilýär. Çylşyrymly düzümli suwlar bedene köptaraplaýyn täsir edýär. Olaryň täsiriniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi ulanyş usulyna bagly bolup durýar.

Kerim BABAÝEW,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölüminiň müdiri.