Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 4-nji dekabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda, kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin hem öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrdy.
Mejlisde hormatly Prezidentimize hasabat berlişi ýaly, ýylyň yzda galan on bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň, şol sanda biziň welaýatymyzyň kazyýet edaralarynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärlerimiziň kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi.