Göwünleri galkyndyran kitap

5 Dekabr 2024
255

— Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhymyzda yz goýan beýik şahsyýetler baradaky halk hakydasynyň heňňamlaryň aýlanmagy bilen hakyda göwherine öwrülişi barada ylmy hem çeper dilde söz açýar. «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen parasat dürdänelerine beslenen kitap turuwbaşdan özüne bendi edýär.

Alym Arkadagymyz öz eserlerinde, ilki bilen, halkyny beýgeldýär, onuň şöhratly geçmişine taryhy nukdaýnazardan mynasyp baha berýär, çünki ene topragyňy, geçmiş taryhyňy beýgeltmekden aňyrda ylym bolup bilmeýär. Kitabyň tutuş mazmunyndan syzylyp çykyşy ýaly, alym öz Watanyna, il-gününe gulluk edende, hakyky alymdyr, onuň ylmy-da hakyky ylymdyr. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan «Täze taryhyň daňy şu ýerde atar. Taryhyň zaňy şu ýerde kakylar. Taryhyň ýaňy şu ýerden ýaýylar» diýen sözlerini mysal getiripdir. Alym Arkadagymyz hem adamzadyň daş asyryndan başlanýan taryhynyň şu toprak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny göz öňünde tutupdyr.

Baýram TAGANOW,
«Edebiýat we sungat».