Şöhratly zamana

4 Dekabr 2024
215

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk toýuna uly buýsanç, ruhubelentlik bilen barýarys. Ata-babalarymyzyň arzuwlan şanly Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy bu gün beýik ösüşler bilen dabaralanýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň goşa ganatydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan bäri geçen döwrüň dowamynda baky Bitarap Türkmenistan halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli berkidýär, parahatçylygy goldaýar, beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär.

Aýjemal AKLYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.