Raýat goranyşyň ezberleri

4 Dekabr 2024
243

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleriniň netijesinde kemala gelýän Watan goragçylaryny ylymly-bilimli, ýokary hünär ussatlygy esasynda okatmak we terbiýelemek döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetinde okaýan harby talyplaryň harby-amaly endiklerini we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen «Ussat raýat goragçysy» atly bäsleşik guraldy. Bu bäsleşikde harby talyplar düzümi boýunça atyjylyk ýaragyny doly däl sökmek we düzmek, umumygoşun goranyş toplumyny kada laýyk geýmek, ejir çekeni howpsuz ýere getirmek we gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek, päsgelçilik ýodasyndan geçmek hem-de raýat goranyşy ulgamy boýunça taýýarlanan test sowallaryna jogap bermek boýunça özara ýaryşdylar.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Raýat goranyşy fakultetiniň binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek hünäriniň harby talyplary üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmagy başardylar hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Mukam AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, uly leýtenant.