Il saglygy — ýurt baýlygy

4 Dekabr 2024
112

Dertlere derman kädi

Babam çöl eteginde akar suw gelýän ýere hyýar, pomidor, mäş, noýba, ýagyş suwunyň köp durýan ýerine düme gawun--garpyz ekerdi. Boş wagtymyz kömek üçin şol ýerlere gidenimizde, kiçi jigim Şadidar kiçijik piljagazy bilen çatmanyň töweregine garader bolup kädi çigit ekipdi. «Oýnap ekseň, boýnap biter» diýleni çyn eken. Çatmanyň ygyşagynda epgekden goranan kädiler onuň düýbünden depesine çenli dyrmaşyp, ilki çatmany sap-sary güllere büredi. Soňam sallanyşyp duran kädilerini şelpä, sümsülä, çür depesinde joňkaryp oturanlarynam gupbaň ýelek dakylýan ýerine meňzedip, çatmamyza «Gupbaly çatma» adynyň dakylmagyna sebäp bolupdy. Mamam: «Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz» diýip, gyşyna gowrulan kädi çigidinden başlap, kädiden taýýarlanan datly tagamlary dermana derek iýdirerdi. Babam bolsa daş kädiniň içine sogan, sarymsak, burç bilen et dykyp çägä gömüp bişirişine: «Sary getirmäniň bire-bir emi bolan kädileriň kyrka golaý görnüşi bar» diýip, aşakdakylary sanawaç kimin sanardy: palaw kädi, daş kädi, sürteç kädi, peş kädi (selle kädi), dik boýun, gyjak kädi, äpet-äpet gujak kädi (haýwan kädi), egri boýun gaz kädi, şygyrdawuk zag kädi (oýunjak kädi), suw kädi, süýt kädi, gap kädi, duz kädi, Äşe-Patmanyň ýumrugy deý gyz kädi, iç keseline derman kädi, iýmedige arman kädi...