Kagyz önümçiliginiň taryhy

4 Dekabr 2024
237

«Kagyz haçan we nirede ýüze çykdy? Kagyz döremänkä adamlar maglumatlary nämede sakladylarka?» diýen sowal köpleri gyzyklandyrýandyr. Kagyz döremezden öň adamlar maglumatlary agaç gabygyna, ýapraklara, derä, süňklere ýazyp saklapdyrlar.

Maglumat saklamak üçin ulanylan serişdeleriň biri-de papirusdyr. Ony kagyz hökmünde, takmynan, biziň eýýamymyzdan 4000 ýyl öň Müsürde ulanyp başlapdyrlar. Kiçi Aziýada biziň eýýamymyzdan öň II asyrda pergamentden hem peýdalanypdyrlar. Pergamenti öndürmek juda çylşyrymly, kyn iş bolup, ol sygyrlaryň we goýunlaryň derisinden taýýarlanylýar. Onuň iki tarapyna hem ýazyp bolýar. Pergamentde ýazgylar uzak wagtlap saklanýar.

Taýýarlan Ejeş GARAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.