Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň hatary artýar. Muny ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy taryhy ýylyň bezegine öwrülip, halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri, ynsanperwerligi, parahatçylygy ündeýän, milli medeniýetimize, taryhymyza, däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize söýgi döredýän beýleki kitaplary ýaly, bagtyýar halkymyza bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat boldy.
Milli Liderimiz: «Öz oý-pikirlerimi jemläp, ençeme maglumatlary seljerip, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlap, «Hakyda göwheri» atly täze kitabymy ýazyp tamamladym» diýip belläp geçýär. Ajaýyp kitap halkymyzyň hakydalarda baky orun alan şöhratly taryhynyň, medeni hem ruhy mirasynyň beýany bolup, göwünleri buýsanja hem guwanja besleýär. Şonuň ýaly-da, ol türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhda goýan yzlary, meşhur şahsyýetlerimiz we olaryň bitiren işleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär.