Ulgam-ulgam gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlap, uzak örüden dolanyp gelýän arwana düýeler ak ýaýla özboluşly gözellik berýär. Düýe maly halkymyzda ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Pederlerimiz düýe malyna aýratyn göz bilen seredipdirler. Lukman Hekim düýe malynyň süýdüniň müň bir derdiň dermanydygyny aýdypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň esasy gatnaw serişdesi bolan, söwda gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin «çöl gämisi» adyny alan düýeleriň Türkmenistanyň çäklerinde mundan bäş müň ýyl ozal eldekileşdirilendigini tapylan arheologik tapyndylar subut edýär. Margianadan tapylan tapyndylardaky düýeleriň şekiljikleri baýlygyň nyşany hökmünde saklanylandygy çaklanylýar.
Halkymyzda düýäniň ýüňi aýak astyna goýulmaýar. Şonuň üçin hem ondan ýorgandyr düşek, keçe edilmeýär. Düýe ýüňünden saçak hem-de çäkmenlik mata dokalýar. Düýe ýüňünden edilen egin-eşikler ýyly hem jana ýakymly bolýar. «Türkmen diliniň sözlüginde» düýäniň gapdal ýüňünden egrilip dokalýan nepis çäkmene agarçäkmen diýilýär. Çäkmen üçin arwana düýäniň gapyrga üstüniň ýüňleri alynýar. Şol ýüplügi-de arpa unundan edilen sowuk bulamagyň içine salyp goýup, biraz salymdan hem gaýnadyp çykarylýar. Arpa bulamagy düýe ýüňüne berklik berýär. Ýöne islendik düýäniň gapdal ýüňünden agarçäkmen dokalmaýar. Onuň üçin ýörite ýüň – torumyň ilkinji ýüňi gerek bolýar. Torumyň ilkinji ýüňi öz-özünden arkasyndan (gapdalyndan) emaý bilen syrylyp aýrylýar. Şol ýüňe «torum arka» ýa-da «torum gapdal» diýilýär. Torumyň gapdalyndan agyp gaýdan ýüňden çäkmenlik dokalyp, biçilip, tikilýäni üçin çäkmene agarçäkmen diýilýär.