Sanly ykdysadyýetiň goragy

3 Dekabr 2024
166

Maglumatlar asyrynyň wirtual giňişliginde dünýäniň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sanly nusgasy günsaýyn özgermek bilen. Bu günki günüň adamlary üçin dünýäniň dürli künjegine gaýybana syýahat etmek, san-sajaksyz maglumatlary öwrenmek elýeterli boldy. Şunuň bilen birlikde, şahsy taraplar hem-de edaralardyr kärhanalar üçin maglumatlaryň goraglylygyny üpjün etmek, degişli kiberhowpsuzlyk çärelerini durmuşa geçirmek jogapkärçiligi hem örboýuna galýar. Bu häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň biri bolup, onuň öňüni almak her döwletiň derwaýys wezipesidir. Ol bu gün bütin dünýäde halkara guramalaryň birnäçesiniň geljek üçin niýetlenen maksatnamalarynda özbaşdak bir ugra öwrüldi.

Kiberhowplara garşy göreşmek işini döwrüň talaplaryndan, ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary bilen netijeli ýola goýuldy. Bu sanly ykdysadyýete geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän taslamalaryň hem aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sanly giňişligiň, maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilmegi halkara hyzmatdaşlygyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 13-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kiberhowpsuzlyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge dahylly wezipeler barada aýratyn durlup geçilmegi, şeýle-de bu ugruň golaýda geçirilen «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara ylmy maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri hökmünde maslahatlaşylmagy birnäçe maksatlary özünde jemleýär.

Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».