Garagum derýasy: suw akgynly hem okgunly

4 Ýanwar 2021
2632

Gyrkylyk yzly ymgyr çölüň göwsüni dilip, adamlaryň gollarynyň güýji, akyl-başarnygy bilen çekilen Garagum derýasyny sözüň doly manysynda diriligiň damary, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplamak bolar. Suwuň baran ýerinde bolsa bagtyýar durmuş bar, gülläp ösüş bar. Şol sebäpli geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ata-babalarymyzyň bol suwly bolmak arzuwy amala aşdy.

Ägirt uly inženerçilik desgasy ýurdumyzyň günorta — günbatar sebitleriniň ekerançylyk meýdanlaryny we ilatly ýerlerini jana tenekar suw bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpli derýanyň ýagdaýy gündelik üns merkezinde saklanylýar hem-de degişli arassalaýyş we çuňaldyş işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu möhüm işleri «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň başarjaň hünärmenleri ussatlarça ýerine ýetirýärler.

Baýram MÄMMEDOW