Ýylyň iň göreldeli okyjysy

4 Ýanwar 2021
2442

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň «Iň göreldeli okyjy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Golaýda bäsleşigiň jemi jemlenip, Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar. Biz muňa bäsleşigiň ýeňijisi bilen söhbetdeş bolanymyzda doly göz ýetirdik.

-Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir-diýip, ýylyň iň göreldeli okyjysy Täjigül Abdykerimowa öz ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Ýörite habarçymyz.