Düýn Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň guramagynda geçirilen forumyň gün tertibine ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, Russiýanyň, Belarusuň, Şweýsariýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň ylym-bilim merkezleriniň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.