Gymmatly gollanma

30 Noýabr 2024
182

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildinde keremli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary beýan edilýär. Şu jähetden, Milli Liderimiziň ensiklopedik işi halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi, lukmanlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsini öwrenýän hünärmenlerdir talyp ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy gözlegleriň netijelerine daýanýan ylmy işi biziň ýankitabymyza öwrüldi.

Ylmy-ensiklopedik kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Hut şoňa görä-de, bu özboluşly ensiklopediýa türkmen topragynda ösýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin netijeli ulanylyp gelinýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada bilimleriň hazynasy bolup hyzmat edýär.

Ýazjemal KADAMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.