Çaga oýunlarynyň ähmiýeti

29 Noýabr 2024
231

Türkmen halkynyň milliligini açyp görkezýän köp sanly däpleri, ýörelgeleri, şeýle hem gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetlidir. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem, çaga terbiýesine aýratyn üns berýär.

Halkymyz tarapyndan çagalar üçin milli oýunlaryň ençemesi döredilip, olar biziň günlerimize hem gelip ýetipdir. Milli oýunlaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämilleşdiripdir. Geljekde adamlar bilen gatnaşmagyň iň gowy ýörelgelerini öwredýän milli çaga oýunlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol oýunlar türkmeniň nesil terbiýesinde uly bir mekdep bolup hyzmat edip gelýär. Halkymyz milli oýunlaryň oýnalyş düzgünlerini çaga terbiýesine gönükdirmegi başarypdyr.

Selbi AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň mugallymy.