Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy gursagy Watanymyzy ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga hyjuwdan doly ýaşlaryň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän ösüş strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu ugurdaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbitlerini ileri tutýan iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.