Baş ýörelge — ynsanperwerlik

28 Noýabr 2024
197

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi örän çuň mana eýe. Jemgyýetiň ilkinji basgançagynyň we iň kiçi gurluşynyň maşgaladan başlanýandygy hemmelere mälim. Şonuň ýaly-da, döwletliligiň, döwlet gurluşynyň hem ilkinji basgançagy maşgaladan başlanýar. Maşgala döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy emele getirýär. Döwlet düşünjesi jemgyýet düşünjesinden has uly bolup, onuň esasyny ençeme iri we ownuk jemgyýetler düzýär. Şu ýerde ýene bir zady — döwletiň iň uly gymmatlygynyň adamdygyny aýratyn nygtamak gerek. Çünki döwlet hem, jemgyýet hem adam üçin hereket edýär.

Dünýä meşhur fizik Albert Eýnşteýn: «Adam durmuşyň manysyna diňe özüni jemgyýete bagyş edende düşünýär» diýýär. Alym bu jümle arkaly alymlaryň hem täze ylmy açyşlary bilen jemgyýet üçin sahawatly we ynsanperwer iş edýändiklerini nygtaýar. Adamlar birek-birege meýletin goldaw berende, ynsanperwerlik kömegini edende, ylym, medeniýet we sungat hem, parahat durmuş hem gülleýär. Diýmek, jemgyýet bolmagyň aňyrsynda-da halk, döwlet bolmagyň aňyrsynda ýatan agzybirlik, dost-doganlyk, ynam ýaly mizemez düşünjeler bar. Bulary agzamak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň-de baş aladasynyň adamdygyna we onuň hem halkyň hyzmatyndadygyna üns çekmek isleýäris.

Maral AÇILOWA,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy.