26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäre iki ýurduň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
Bu möhüm çärä Aşgabada gelen wekiliýet, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdy.