Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz pudagy esasy orun tutýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ykdysady ösüşimize oňyn täsir eder. Şol gaz geçirijisi türkmen tebigy gazyny täze bazarlara ýetirmekde möhüm taslamadyr. Bu taslama halkara hyzmatdaşlygyň we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagyna şert döredýär. Ykdysadyýet jemgyýetiň ösüşi üçin möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalar häzirki döwrüň talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyklykda, ykdysadyýetiň üstünlikli işlemegine ýol açýar. Bu ulgam diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, syýasy taýdan hem möhüm özgerişlere badalga berýär. Döwrebap innowasiýalar arkaly Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin birnäçe maksatnamalary we gepleşikleri, duşuşyklary geçirýär, dürli halkara guramalar bilen, şol sanda Aziýanyň ösüş banky, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen berk baglanyşyklydygy hemmämize mälimdir. Şonuň üçin hem innowasiýalara daýanýan ykdysadyýet, ilki bilen, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.