Ösüşe we abadançylyga uzaýan ýollar

26 Noýabr 2024
252

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Şu mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, «Hemmeler üçin howpsuz ýollar» atly çäräni guramak göz öňünde tutuldy. 26-27-nji noýabrda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigine, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan halkara ulag düzümine işjeň goşulyşýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyzyň yzygiderli kämilleşdirilýän multimodal ulag düzümi sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir, awtomobil, deňiz we derýa, howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri hem-de logistik merkezler emele gelýär.

Muhammetrahym ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.