Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarydyr alymlary, Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Siniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň geçen ýylyň noýabrynda Pekin şäherinde geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigi bilelikdäki komitetleriň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görünýär.