Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çägindäki «Dowardarçylyk» hem-de Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda öňde duran möhüm möwsüme taýýarlyk görmek, maldarlar üçin aýratyn synaga öwrülýän aýgytly döwürde mallary ýyly we dok gyşlatmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Häzirki wagtda agzalan hojalyklaryň garamagyndaky jemi 30 kaşaryň ählisi-de abatlanyp, gyşa doly taýýar edildi. Şu ýyl welaýat boýunça ätiýaçlyk ot-iýmleriň 11 müň tonna golaýyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ot taýýarlaýjylar toparynyň tutanýerli zähmeti bilen ýygnalan ot agyr gum şertlerinde işlemäge ukyply kuwwatly awtoulaglar arkaly mallaryň gyşladyljak ýerine daşalýar hem-de agyl-kaşarlaryň gapdalyna rejelenip basylýar. Mallaryň baş sanyny köpeldip, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmakda ýokary netijeleri gazanýan bu iki hojalygyň garamagynda jemi 77 müňden gowrak baş dowar, 3,5 müň baş düýe bolup, olar Garagum sährasynyň uzak öri meýdanlarynda idedilýär. Hojalyklaryň «Böwürdeşik», «Bakgal», «Ak guýy», «Göbe» ýaýlalarynyň kärendeçi çopanlary gyşa taýýarlyk işlerini bellenilen möhletinde tamamladylar.