Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

24 Noýabr 2024
370

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym-bilim we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär.

Bilim öwretmegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edildi. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gündelik durmuşymyza iň täze maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň maglumatlar gorundan, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga amatly şertler döredilýär.

Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.