Kadaly iýmitlenmek — saglygyň girewi

22 Noýabr 2024
258

Sagdyn bolmak talabalaýyk iýmitlenmek bilen hem gös-göni baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsan saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygy üpjün edýär. Bedene zerur önümler wagtynda ýetirilmelidir. Iň esasy zat hem, iýmitiň düzümi degişli talaba laýyk bolup, dogry berjaý edilmelidir. Gün içinde dört-bäş gezek, dürli-dürli naharlardan az-azdan naharlanmaly, naharyň gapdalyndan gök önümler, miweler iýilse, şerbetler, arassa suw içilse, ýerlikli bolar. Nahardan soň, aýratyn hem, agşamlyk nahardan soň açyk howada gezelenç etmek iýmitiň siňmegine peýdalydyr.

Sagdyn we kadaly iýmitlenmek üçin hökman öz maşgala lukmanlaryňyz bilen maslahatlaşmaly we berlen maslahatlary doly berjaý etmeli. Sebäbi olar siziň ýagdaýyňyza, ýaşyňyza seredip, size has gabat gelýän iýmitlenmek tertibini kesgitläp biler.

Baýramgül TOKAROWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň uly ylmy işgäri.