Hasyl (Iňlis tymsaly)

21 Noýabr 2024
232

Mançesterdäki mugallymlary taýýarlaýan bilim ojaklarynyň birinde ir döwürler şeýleräk wakanyň bolandygyny gürrüň berýärler.

Berýän bilimine göwni ýetse-de, talyplaryň derejesini has çuňňur aňlamak maksady bilen mugallym olaryň hersine bir gysym däne beripdir-de, olardan hasyl almagy tabşyrypdyr. Aradan esli wagt geçensoň, mugallym işleriň gidişi bilen tanyşmak üçin olaryň öýlerine aýlanmagy ýüregine düwüpdir. Netijeler dürli-dürli bolupdyr. Ekiş möwsümine çenli tohumy gorap saklap bilmändigini aýdyp, ýüzüni sallap duran birinji talybyna seredip, mugallym başyny ýaýkapdyr-da: «Özüňe ynanylan işi bitirýänçäň, dünýäň manysy şonda jemlenen ýaly bolmasaň, hemişe şular ýaly ýagdaýa düşersiň» diýip, indiki talybynyňka tarap ugrapdyr. Ikinji talybyndan: «Men tohumy örän ir ekipdirin. Şonuň üçinem ony sowuk aldy» diýen jogaby eşiden mugallym: «Wagtyny bilmän edilen iş edilmedik işe barabardyr» diýipdir. Üçünji talyp bolsa tohumy juda giç ekendigini aýdypdyr. «Wagt iň gymmatly zatdyr. Ony bir duşuňdan geçireňsoň, eden işiňden göwnejaý netije alyp bilmersiň. Gury boş azap çekeniň galar». Indiki talyp ösüş alsa-da, şitili birnäçe gezek göçürip guradan ekeni. Mugallym oňa: «Bellibir ýere kök urup ýetişmänkä, ondan-oňa bökdürip ýörseň, işiň miwe getirmän geçer» diýipdir. Wagtynda ideg etmän, suwarman hasyl alyp bilmedik talyp bolsa halypasyndan şeýle sözleri eşidipdir: «Iýmitini, yzgaryny ýetirip durmasaň, ol-a ösümlik ekeni, hiç bir janly-jandary-da kemala getirip bilmersiň». Şondan soňky baran öýünde mugallym şeýle sözleri eşidýär: «Birbada işim gaty şowunady. Şeýle bir ösüş aldym. Ýöne üstünlikden göwnüm göterilendir-dä, beýleki ýoldaşlarymyň ýanynda magtanmagy çykardym. Olar bir gün üýşüp, şitilleri görmäge geldiler. Nädip bolanyny bilemok, bir görsem, şitiller ýykylyşyp ýatyr». «Işiň soňky netijesine görä baha berilýändir. Seniň ýagdaýyňam beýlekileriňkiden üýtgeşik däl. Ekiniňi goramagy başarmasaň, senden daýhan bolmaz» diýip, mugallym lapykeç aýdypdyr. «Sizden alan sapaklaryma görä hereket edemsoň, işim ugrugybam barýardy. Ýöne soňabaka töweregimde maslahatçym köpeldi. Şeýdibem, bar edenim biderek boldy» diýip, indiki talyp hem ahmyrly gürrüň beripdir. «Gözüň-gulagyň töweregiňde bolsa, ösdüren nahalyň, ýetişdiren miwäň bolmaz» diýip, halypa çykyp gaýdypdyr. Şondan soňky talybyň aşa köp dökün berip hasyly zaýalandygyny eşiden mugallymyň sözi gysga bolupdyr: «Bagban ene-ata ýaly bolmalydyr. Edil idegiň kemterligindäki ýaly, artykmaçlygam soňky netijä zyýanyny ýetirip biler».

Iňlis dilinden terjime eden Mähriban GAÝYPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.