Güýz paslynyň esasy önümleriniň biri turpdur. Ol özüniň bejerijilik häsiýeti bilen tapawutlanýar. Turp adam saglygyny berkitmek üçin halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Onuň düzüminde beloklar, uglewodlar, C, B1, B2 ýokumlary, organiki turşulyklar, efir ýaglary we glýukozoidler bardyr.
Dürli maddalara baý bolan turpy, esasan, güýz, gyş hem-de ýaz aýlarynyň başynda bedende ýokumlaryň we mineral duzlaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmak üçin ulanmak netijelidir. Onuň ýokançlyklara garşy göreşmek ukyby hem güýçlüdir.