Bag eken barly bolar

20 Noýabr 2024
257

Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Bagbançylyk işine hem aýratyn üns berlipdir. Asylly ýörelgelerdir döwrebap tejribeler utgaşyp, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi asylly ýörelgä öwrüldi. Ýakynda, has anygy, 9-njy noýabrda geçirilen ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda hem tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak hem-de abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Munuň özi täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, onuň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň töweregindäki arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn artýar. Dag derelerinde we baýyrlyklarda, ýapgytlarda arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredilip, arçalaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetirildi. Olar topragy berkidip, ýerasty suwuň ýokary galmagynyň hem-de sil suwunyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini azaldyp, howany tozandan arassalaýar we ýelden goramagyň tebigy serişdesi bolup durýar.

Şähribossan ÖWEZOWA.