Pyragy — geçmişimiz, şu günümiz we geljegimiz

19 Noýabr 2024
239

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen ýaşlarynyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda amala aşyran işlerine bagyşlap döreden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýurdumyzyň ruhy medeniýetinde şanly waka boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyza serpaý eden ilkinji kitabynda ýaşlar we olaryň geljekki wezipelerini kesgitläp, ata Watanymyzyň has-da belent derejelere ýetmegi üçin kämil nesilleriň birleşen gujur-gaýratynyň uly güýç bolup durýandygyny beýan edýär.

Kitabyň sahypalarynda dürli ugurlar bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy seždegähi Magtymguly Pyragynyň umumadamzat nesline miras goýan eserleriniň ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada hem giňden beýan edilýär. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň köpgyraňly döredijiliginde öwüt-nesihat beriji häsiýetli şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Söz ussady bu ugra ýüzlenende, nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini nazara alypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda aryf-akyldaryň:

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.