Borjumyz — kämil nesli terbiýelemek

18 Noýabr 2024
290

Türkmenistanda giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, dünýä täzeliklerinden habarly, ylym, döredijilik bilen gyzyklanýan, edepli, milli ruhda terbiýelenen ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Döwlet Baştutanymyzyň edýän tagallalary netijesinde, ýaşlarda Watana, merdana halkymyza hem-de şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmak, olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmakdan, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybarat.

Ajaýyp ORAZBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.