Bronhitden ägä boluň!

18 Noýabr 2024
246

Bronhit dem alyş turbajyklaryna, ýagny bronhlara wiruslaryň düşmegi sebäpli döreýän keseldir. Bu keseliň kliniki alamatlary we geçişi boýunça bir-birinden tapawutlanýan ýiti hem-de dowamly görnüşleri bar. Lukmanlar onuň ýene-de bir görnüşini — obstruktiw bronhiti tapawutlandyrýarlar.

Ýiti bronhit näsagyň güýçli üsgürmegi, gakylygyň bölünip çykmagy we onuň mukdarynyň kem-kemden artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň ilkinji alamatlary gury üsgülewik hasaplanýar.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň şepagat uýasy.