«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024
Saglyk — ynsanyň iň gymmatly baýlygy. Ynsan jany sag bolanynda öňünde aýdyň maksatlary goýýar, durmuşa, ýaşaýşa höwesi artýar. Edil şonuň ýaly, sagdyn ruhuň bolmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Sagdyn ruh, sagdyn bedenli bolmak üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek möhümdir.