Güýz paýawlaberende, enem pahyr miwelerden, ir-iýmişlerden ullakan gazanda toşapdyr mürepbe gaýnadardy. Bizem çür-çülpe çaga bolup gazanyň daşyndadyrys. Enem ullakan kepgir bilen gaýnap duran gazany bulap durşuna, wagtal-wagtal bize gatyrganardy:
— Gazanyň daşynda kebeleklemäniňizde, oýnamaga başga ýer tapan dälsiňiz. Görýäňiz-ä, ulularyň işlidigini! «Gara gyş» gelýär. Bu zatlardan wagtynda ýüküňi tutmasaň, soň hezil bermez.